Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Lufthansa» awiakompaniýasynyň gatnawlary bütin dünýäde togtadyldy

10:4116.02.2023
0
21897
«Lufthansa» awiakompaniýasynyň gatnawlary bütin dünýäde togtadyldy
Surat: airdatanews.com

Germaniýanyň «Lufthansa» awiakompaniýasynyň hasaba alyş kompýuter ulgamynda dörän näsazlyklar onuň uçarlarynyň bütin dünýädäki gatnawlaryny togtatdy. Uçuşlaryň tertibi maglumatlary alyşmakda dörän kynçylyklar netijesinde bozuldy. Käbir gatnawlara ýolagçylary bellige almak işini elde ýerine ýetirmeli boldy. Netijede, Maýn boýundaky Frankfurtdaky howa menzilinde ýolagçylar saklandy.

Awiakompaniýa meseläniň golaý wagtda çözüljekdigini habar berdi.

Ýagdaý bilen baglylykda, «Lufthansa» kompaniýasynyň paýnamalary biržada 2 göterim arzanlady diýip, «Habar 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň