Soňky habarlar

Arhiw

Patyşa Karl III hatlara jogap ýazjak işgär gözleýär

11:3415.02.2023
0
45808
Patyşa Karl III hatlara jogap ýazjak işgär gözleýär
Surat: insider.ua

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III raýatlaryndan gelýän hatlara jogap ýazmakda kömek etjek işgär gözleýär diýip, «Daily Mail» habar berdi.

Köşgüň bildirişinde täze işgäriň Bukingem köşgünde işläp, ýylda 23 müň funt-sterling aýlyk aljakdygy aýdylýar. Esasy talap işi hemişe kemsiz-köstsüz ýerine ýetirmekdir.

«Siziň esasy wezipäňiz ilat tarapyndan durmuş, jemgyýetçilik we milli meseleler boýunça iberilen hatlara jogap bermekdir» diýlip, bildirişde nygtalýar. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň