Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 2022-nji ýylda daşary ýurtlara 104 müň tonna pomidor eksport etdi

08:4415.02.2023
0
23971

Türkmenistan 2022-nji ýylda Russiýa we beýleki ýurtlara 104 müň tonna pomidor eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine salgylanyp, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Geçen ýylky edilen eksportyň mukdary 2021-nji ýyldakydan ep-esli köpdür. Şol ýyl Türkmenistan Russiýa Federasiýasyny ýyladyşhana pomidorlary bilen üpjün edijileriň arasynda ilkinji dörtlige giripdi.

Toplumlaýyn maglumat ulgamynyň kömegi bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan özleşdirilen eksport harytlarynyň elektron hasaba alynmagy, daşary ýurtly sarp edijilere harytlary aňsatlyk bilen ibermäge kömek edýär.

Azyk önümleriniň köpüsi häzirki wagtda hususy fermalar we işewürler tarapyndan ýetişdirilýär.

Häzirki wagtda ýurtda ýyladyşhanalaryň köpçülikleýin gurulmagy dowam etdirilýär. Ýyladyşhanalarda önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary we önümleriň uzak we ýokary hasylly görnüşleriniň tohumlary ulanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň