Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Iş maslahatynda ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri şu günler sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan we Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.
Hasabatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, 2023-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, ýagny sürmek we tekizlemek işleriniň guramaçylykly dowam edýändigi, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.
Hasabatlaryň çäginde häzirki wagtda ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň möwsüme taýýarlanylýandygy, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriniň taýýarlanylýandygy barada-da habar berildi.
Balkan welaýatynyň häkimi welaýatyň Magtymguly etrabynyň 2022-nji ýylyň netijelerine görä, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabara barada hem hasabat berdi.
Şeýle-de häkimler welaýatlarda dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň möhümdigine, munuň geljekki bol hasylyň binýadydygyna ünsi çekdi. Şeýle-de welaýatlarda gowaça ekiljek ýerleri sürmek we tekizlemek işleriniň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilmegi, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamagyň depginleriniň ýokarlandyrylmagy, bugdaýa ideg etmegiň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamak babatda häkimlere degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň, şol sanda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardyr binalardaky gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy, talabalaýyk, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda-da häkimlere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň 2022-nji ýylda iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edilmegi mynasybetli etrabyň ähli ýaşaýjylaryny ýene-de bir gezek gutlady hem-de Balkan welaýatynyň häkimine şu mynasybetli geçiriljek dabaraly çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol ýurduň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle-de şu ýyl gowaça ekiljek ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler, hususan-da, sürüm we tekizleme işleri geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksadynda, şu günler pagta arassalaýjy kärhanalarda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary we gurallary abatlap, olary möwsüme doly taýýar edip goýmak, welaýatlarda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Şeýle hem wise-premýer ýurtda suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen degişli işleriň geçirilýändigi barada aýtdy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de şu ýyl gowaçanyň, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriniň möwsüme doly taýýar edilmegini, daýhanlaryň ýurduň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän gowaça we gök-bakja ekinleriniň tohumlary bilen üpjün edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegini guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle-de döwlet Baştutany häkimlere ýüzlenip, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatly ýerleriň elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de iş maslahatyny jemledi.
