Son Hyn Min altynjy gezek iň gowy aziýaly futbolçy saýlanyldy

10:3010.02.2023
0
18416

«Tottenhemiň» we Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Son Hyn Min VnExpress tarapyndan 2022-nji ýylda iň gowy aziýaly futbolçy diýlip yglan edildi.

Ses berlişikde 30 ýaşly hüjümçi sesleriň 256-syny ýygnady. Şeýlelikde, ol Mehdi Taremiden («Portu», Eýran) we Salem Al-Dawsariden («Al-Hilal», Saud Arabystany) üstün çykdy.

Ilkinji bäşlige «Napoliniň» we Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysynyň goragçysy Kim Min Çže we Ýaponiýanyň hem-de «Braýtonyň» futbolçysy Kaoru Mitoma dagylar hem girdi.

Son Hyn Min APL-niň geçen möwsüminde 20 duşuşyga gatnaşyp, dört gezek tapawutlandy we üç goluň assistini berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň