Türkmenistanda Buddanyň heýkelini rejelemek işlerine badalga berildi

22:2107.02.2023
0
33255

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler» atly brifing-maslahat geçirildi.

7-nji fewralda geçirilen maslahat wideoslaýdly çykyşlar we sorag-jogap görnüşinde bolup, oňa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, daşary ýurtly alymlar, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň hünärmenleri, muzeý işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Maslahatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimou çykyş etdi. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde yglan edilen bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hödürlenip, ýeňiji bolan taslama, ýagny Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkeli rejelemek işlerine ýaňy-ýakynda badalga berlendigi we bu ugurda alnyp baryljak işler barada gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň