Soňky habarlar

Arhiw

Denis Titow Russiýanyň «Rostow» futbol kluby bilen şertnama baglaşdy

14:2106.02.2023
0
42820

Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysynyň agzasy Denis Titow Russiýanyň «Rostow» futbol topary bilen şertnama baglaşdy.

Türkmenistanly futbolçy Don boýundaky Rostow şäheriniň topary bilen 2022-nji ýylyň ahyryna çenli hem şertnama baglaşypdy. Ol rus toparynyň ýetginjekler we ýaşlar düzümlerinde çykyş etdi.

16 ýaşly Titow Aşgabadyň olimpiýa sport mekdebiniň uçurymydyr.

Denis Titow Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler toparynyň Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryndaky duşuşyklarynda kapitanlyk daňysyny daňynypdy. Siriýanyň ýygyndysy bilen bolan duşuşykda bolsa (1:1) ol garşydaş derwezä ajaýyp gol geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň