Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew Serdar Azmunyň «Soça» transferi baradaky sowallara jogap berdi

20:3003.02.2023
0
21932

«Soçiniň» baş tälimçisi Gurban Berdiýew toparynyň «Baýeriň» hüjümçisi Serdar Azmun bilen gyzyklanmasy baradaky sowallara jogap berdi:

― Men Serdaryň Emirliklerdäki toýuna gatnaşdym. Emma onuň bilen Soçi şäherine göçmek barada gürleşmedim. Onuň bu babatda maksady hem ýok. Meniň pikirimçe, ol başga ýurda, başga şähere göçmeli, Soça däl ― diýip, Abu-Dabi şäherinde geçirilýän «Winline RPL gyşky kubogyna» gatnaşýan Berdiýew jogap berdi.

Serdar Azmunyň «Rubin» we «Rostowda» Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda futbol oýnandygyny ýatladýarys. Ol Gurban Berdiýew ýaly gelip çykyşy boýunça türkmendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň