Soňky habarlar

Arhiw

Moskwa — Aşgabat aralygyna göni howa gatnawlary dikeldildi

19:5603.02.2023
0
79813

Şu gün uzak arakesmeden soň Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda yzygiderli howa gatnawy dikeldildi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň «Boeing 737-800» uçary Moskwa wagty bilen sagat 10:55-de Domodedowodan uçup, 3 sagat 20 minutdan soň Aşgabat şäherine gondy.

Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda göni howa gatnawynyň COVID-19 pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda kesilendigini ýatladýarys.

2022-nji ýylyň tomsunda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda howa gatnawy dikeldildi, emma Moskwadan gaýdan uçarlar şu güne çenli Aşgabada däl-de, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde gondy.

2022-nji ýylyň dekabryndan «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Maýn boýundaky Frankfurtdan (Germaniýa, öň Türkmenabat howa menziline gonan), Stambuldan (Türkiýe) we Dubaýdan (BAE) uçan uçarlary Aşgabat şäherine ugrukdyryldy. Ozal «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Dubaýdan gaýdan uçarlary Türkmenabat halkara howa menziline, Stambuldan uçan uçarlary bolsa Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinde kabul edildi.

Moskwa bilen Aşgabatyň arasynda uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar. «T5 704» reýs çarşenbe güni sagat 00:15-de Moskwadan ugraýar we 06:05-de Aşgabada gonýar. Anna güni «T5 710» reýs Moskwadan sagat 10:35-de uçup, 16:25-de Aşgabada gonýar. Türkmenistan bilen Moskwanyň wagt tapawudy iki sagat. Uçuş tertibi üýtgedilip bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň