Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjanyň ýük-ýolagçy paromy Türkmenistana geldi

20:0005.02.2023
0
60617

Azerbaýjanyň ýük-ýolagçy paromy «Zarifa Aliýewa» Türkmenistana geldi. Gämi Türkmenbaşy Halkara portuna bolan ilkinji ýüzüşinde 16 agyrulag we 20 sany ýük tirkegini getirdi. Bu ugur häzirki wagtda synagdan geçirilýär. Geljekde gämi günde bir gezek gatnaw eder. Bu barada «Mir24.tv» ýazýar.

«2022-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan daşalýan tranzit ýükleriniň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki ýarym esse artdy» diýip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň logistika we marketing bölüminiň başlygynyň orunbasary Ýunus Kakabaýew habar berdi.

Türkmenistan we Azerbaýjan häzirki wagtda Hazar deňziniň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda Türkmenistandan Azerbaýjana we Türkiýä ulag geçelgesi bar. Oňa «Lapis Lazuli» diýilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň