Geçen ýyl Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy artyp, 926,3 million dollara barabar boldy. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, «Trend» habar berdi.
Habarda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,7% ýokarlanandygy aýdylýar.
Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistana 194,8 million dollarlyk haryt eksport etdi. Türkmenistan bolsa Özbegistana 731,5 million dollarlyk haryt iberdi.
Netijede, 2022-nji ýylyň jemi boýunça Türkmenistan Özbegistanyň iň uly daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda ilkinji onluga girdi.
2021-nji ýylda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 881,9 million dollara barabar bolupdy. Bu bolsa 2020-nji ýyldakydan 61% köpdi.