Aşgabatda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi bolar

17:0802.02.2023
0
31836

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Bagtyýarlyk etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

«Aşgabat» gazetinde berilýän habara görä, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmekleri;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklary haýyş edilýär.

Habarlaşmak üçin salgylar we telefon belgileri:

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-14-56

Bagtyýarlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-68

Berkararlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-67

Büzmeýin etrabynyň Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy, tel: 33-12-69

Köpetdag etrabynyň Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-15-26

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy, tel: 22-74-07.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň