Soňky habarlar

Arhiw

«Iş nokady» we «Coddy» halkara programmirleme mekdebi nobatdaky çärä gatnaşmaga çagyrýar

15:3502.02.2023
0
38931

«Iş nokady» kompaniýasy bilen «Coddy» halkara programmirleme mekdebiniň Türkmenistandaky merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilýän ussatlyk sapaklarynyň dördünji güni çagalar üçin niýetlenen «Coddy» programmirleme mekdebiniň işi bilen baglanyşykly bolar.

Çäräniň mowzuklary «Coddy Älemi» hem-de «Roblox Studionyň» kömegi bilen 30 minutda oýun döretmek» bolar.

«Coddy» halkara programmirleme mekdebiniň Türkmenistandaky merkeziniň wekili Nikolaý Toçilkin çäräniň myhmanlaryny «Coddy» taslamasynyň konsepsiýasy hem-de bu mekdepde okamagyň şertleri barada düşündirer.

Şeýle-de bu ýerde spikerler hökmünde «ITEA» halkara akademiýasynyň we «Coddy» programmirleme mekdebiniň mentorlary — German Fetisow bilen Ýakup Mätiýew dagy çykyş eder.

Ussatlyk sapaklaryna gatnaşýanlaryň her biri «Roblox Studionyň» kömegi bilen oýun döretmek işine gatnaşmaga, «Terrain Editor» gurallarynyň ýörelgeleri bilen tanyşmaga, geljekki oýnuň keşbini döretmäge we ýokary derejeli LUA programma dili bilen tanyşmaga mümkinçilik alar.

Bu çärä gatnaşýanlara «Coddy» halkara programmirleme mekdebi tarapyndan birnäçe baýraklar we sowgatlar garaşýar.

Çäre 9-njy fewralda sagat 18:30-da A.Nyýazow köçesinde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynyň 8-nji gatynda geçiriler. Gatnaşmak üçin giriş tölegi 150 manat bolup, oňa deslapdan hasaba alynmak zerurdyr.

Goşmaça maglumatlary şu telefon belgilerden anyklap bilersiňiz: 21 04 99, (+993 63) 47 11 92.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň