«Çelsi» Enso Fernandesi düzümine goşdy

10:4401.02.2023
0
31190

Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Portugaliýanyň «Benfika» klubynyň ýarymgoragçysy Enso Fernandes iňlisleriň «Çelsi» klubynyň düzümine goşuldy. London kluby bu transfer üçin 121 million ýewro sarp etdi. Şeýlelikde, Fernandes APL-daky iň gymmat transfer edilen oýunça öwrüldi. Mundan ozalky transfer rekordy 113 million ýewro «Aston Willadan» «Mançester Siti» klubyna transfer bolan Jek Grilişe degişlidi.

Ýeri gelende bellesek, Fernandes 2022-nji ýylyň tomsunda Argentinanyň «Riwer Pleýt» klubyndan Portugaliýanyň «Benfikasynyň» düzümine goşulypdy. Oýunçynyň şol wagtky transferi 14 million ýewro amala aşyrylypdy.

22 ýaşly argentinaly oýunçy Portugaliýanyň çempionatynyň şu möwsüminde «Benfikanyň» düzüminde 17 oýunda meýdança çykyp, bir gol urdy we bäş golly pas berdi.

Maglumat hökmünde ýatlatsak, Enso Fernandes Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Katarda geçirilen DÇ-2022-niň altyn medalyna hem-de iň gowy ýaş oýunça berilýän ýörite baýraga mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň