Soňky habarlar

Arhiw

«Aeroflot» 2030-njy ýyla çenli ýolagçy gatnawyny 6 göterim artdyrmakçy

11:4731.01.2023
0
26568
«Aeroflot» 2030-njy ýyla çenli ýolagçy gatnawyny 6 göterim artdyrmakçy
Surat: aussiedlerbote.de

Russiýanyň «Aeroflot» awiakompaniýasy 2030-njy ýyla çenli ösüş maksatnamasyny tassyklady, oňa görä, her ýyl ýolagçy gatnawy 6 göterim artdyrylar. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Sergeý Aleksandrowskiniň sözlerine salgylanýan «Interfaks» habar berdi.

Geçen ýyl rus awiapudagy günbatar gadaganlyklary sebäpli kynçylyklara uçran hem bolsa, adybir awiakompaniýany, «Pobeda» we «Russiýa» awiakompaniýalaryny özüne birleşdirýän «Aeroflot» topary 40,7 million adama hyzmat etdi, bu öňki ýyldakydan 14 göterim azdyr. Şu ýyl kompaniýa 43,5 million ýolagçy gatnatmagy maksat edinýär, bu tas 7 göterimlik ösüşdir. Netijede, 2030-njy ýyla çenli toparyň ýolagçy akymy 65 million adama deň bolar diýip, Aleksandrowskiý nygtady.

RF-niň bazarynda geçen ýyl ýerli we halkara awiakompaniýalaryň ýolagçy gatnawynyň jemi 108 million adama deň boldy. 2030-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 128 million adama ýetmegine garaşylýar, şunda ýyllyk ösüş 2,2 göterime deň bolar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň