Soňky habarlar

Arhiw

Kafanow özünde «Soçiden» çakylygyň gelmändigini aýtdy

14:3728.01.2023
0
28773

«Rostowyň» derwezeçileriniň tälimçisi Witaliý Kafanow Gurban Berdiýew bilen işleşme üçin heniz özüne «Soçiniň» ýolbaşçylaryndan jaňyň gelmändigini aýtdy.

«Gurban Berdiýewiň ýene biziň çempionatymyza gaýdyp gelmegine begendim. Biz Russiýada bile işläp başladyk. Gurban Berdiýew maňa köp zady öwretdi. Men munuň üçin oňa örän minnetdar. Edil häzir «Soçiden» gelen teklip ýok. «Rostow» bilen bolsa 2024-nji ýyla çenli şertnamam bar» diýip, ol «RB Sport» neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Aşgabatda doglan Witaliý Kafanow türkmen futbolynyň uçurymdyyr. Ol Gurban Berdiýew bilen «Rostowda», «Rubinde» we «Kristallda» bile işledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň