Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça seminar geçirildi

17:2626.01.2023
0
28702

Aşgabat şäherinde we ýurduň ähli welaýat merkezlerinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň guramagynda zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça seminar geçirildi.

Çäre Maslahat beriş toparlary we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri üçin «Aziýada zorlukly ekstremizme garşy durnuklylygy güýçlendirmek (STRIVE Asia): ÝB-BMG hyzmatdaşlygy» atly global taslamanyň çäginde guruldy. Oňa TMÝG-niň, Zenanlar birleşiginiň, KA-nyň, hukuk goraýjy edaralaryň we Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we Türkmenbaşy şäher we welaýat häkimlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu seminar alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijelerine seretmek, stigmatizasiýa garşy göreşmek üçin maglumat ýaýratmak, sebitde zorlukly ekstremizmiň öňüni almak hem-de şuňa degişli beýleki çäreler boýunça mümkinçilikleri artdyrmaklyga gönükdirildi. Duşuşygyň dowamynda zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça has netijeli sebitleýin strategiýalaryň gözlenilmegi we özara hereketleri giňeltmegiň zerurlygy boýunça birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda stigmatizasiýa garşy göreşmek üçin halkara ülňülerine laýyklykda maglumat ýaýratmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Gazagystan Respublikasyndaky Ýewropa Bileleşiginiň sebit wekiliýetiniň Türkmenistan boýunça maksatnamalary alyp baryjy işgär Nikola Françesketti şeýle diýdi:

«Soňky ýyllarda zorlukly ekstremizmiň bütin dünýä ýaýramagy halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde päsgelçilik döredýär. Şeýle hem durnukly ösüşe, şol bir wagtda-da adam hukuklaryny goramak ugrundaky öňegidişlige zyýan ýetirýär. Şeýlelikde, ýerli jemgyýetleriň durnuklylygynyň pugtalandyrylmagy, ýaşlaryň ejiz gatlaklarynyň arasynda zorlukly ekstremizmiň dünýä jemgyýetçiliginiň, esasan hem ýaşlaryň arasynda zorlukly ekstremizmiň öňüni almak dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem ileri tutulýan ugurlaryň biridir».

Ýeri gelende bellesek, bu seminar Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen guraldy.

«STRIVE Asia» Global taslamasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça düzümi ýerli jemgyýetleriň durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna, ýaşlaryň ejiz gatlaklarynyň arasynda zorlukly ekstremizmiň öňüniň alynmagy bilen bagly maksatlara ýetmekde döwlet we jemgyýetçilik edaralaryna goldaw bermäge gönükdirilendir. Bu taslama özbaşyna ýaşlar düzümine gönükdirilen sebitleýin başlangyç bolup, taslamanyň esasy milli hyzmatdaşy Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligidir

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň