Hytaýyň Tibetinde sekiz adam gar harsaňynyň süýşgüni sebäpli heläk boldy diýip, ýurduň CCTV teleýaýlymyna salgylanýan «Habar 24» ýazýar.
Betbagtçylykly hadysa Tibetiň Hingçi şäherinde boldy, halas ediş işleri üçin 250 adam we 70 sany ulag serişdesi çekildi. Ýerli häkimiýetler ýagdaýyň ýene gaýtalanmazlygy barada alada edýärler. Dereksiz ýitenler gözlenilýär.