Soňky habarlar

Arhiw

Ronaldu bilen Messi ýene-de duşuşdy

09:5520.01.2023
0
23137

Düýn Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde şu şähere wekilçilik edýän «Al-Nasr» we «Al-Hilal» futbol toparlarynyň birleşen düzümi Fransiýanyň PSŽ-si bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk dünýäniň iki ýyldyzy ― Kriştianu Ronaldu bilen Lionel Messiniň nobatdaky duşuşygyna öwrüldi.

«Patyşa Fahd» halkara stadionynda 60 müňe ýakyn janköýeriň şaýat bolmagynda geçirilen duşuşyk ýoldaşlyk häsiýetli bolsa-da, ol dartgynly we gyzykly pursatlara baý boldy. Elbetde, Ronaldu bilen Messi duşuşygyň merkezi nazarynda boldy.

Messi duşuşygyň heniz 5-nji minudynda hasaby açan bolsa, Ronaldu 34-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlanyp, hasaby deňledi.

Şondan köp wagt geçmänkä, parižlileriň goragçysy Bernat gödek hereketi üçin oýundan çykarylan hem bolsa, myhmanlar Markonýosyň geçiren goly bilen ýene bir gezek öňe saýlandylar. Ýöne Ronaldu 45+5-nji minutda ýene-de sahna çykyp, birinji ýarym tamamlanýança hasaby deňledi ― 2:2.

Biriniji bölümde 11 metrlik jerime urgusyna sebäp bolan Ramos ikinji ýarymyň başynda günäsini ýuwdy we PSŽ-niň üçünji pökgüsini geçirdi. Ýöne bu goldan 3 minut soňra arap toparlarynyň birleşen düzümi Çşen Su bilen hasaby deňledi.

60-njy minutda Mbappe Pariž klubyny dördünji gezek öňe çykardy. Ýöne şol minutlarda Rondaldu bilen Messi oýundan alnyp, olaryň ornuna ätiýaçlyk oturgyjyndaky oýunçylar goýberildi.

Şondan soň PSŽ-den Ekitik, «Al-Nasr» ― «Al-Hilal» birleşmesinden bolsa Taliska tapawutlandy. Şeýlelikde, duşuşyk 5:4 hasabynda PSŽ-niň ýeňşi bilen tamamlandy, Ronaldu bolsa duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi.

Ýoldaşlyk duşuşygy. 19-njy ýanwar. Penşenbe.

«Er-Riýad» ýyldyzlar topary ― PSŽ ― 4:5.
Er-Riýad şäherindäki «Patyşa Fahd» stadiony.

Gollar: 0:1 – Messi (3), 1:1 – Ronaldu (34, 11.m.j.u.), 1:2 – Markinýos (43), 2:2 – Ronaldu (45+5), 2:3 – Ramos (53), 3:3 – Çžan Hen Su (56), 3:4 – Mbappe (60, 11 m.j.u.), 3:5 – Ekitik (78), 4:5 – Taliska (90+4).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň