Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mançester derbisi «Ýunaýtediň» ýeňşi bilen tamamlandy

09:2415.01.2023
0
16584
Mançester derbisi «Ýunaýtediň» ýeňşi bilen tamamlandy
Surat: sports.ru

Angliýanyň premýer-ligasynyň 20-nji tapgyrynyň merkezi oýunlarynyň birinde «Mançester Ýunaýted» goňşusy «Mançester Sitini» kabul edip, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Birinji ýarymy 0:0 tamamlanan oýnuň 60-njy minutynda ätiýaçdan oýna giren Jek Griliş myhmanlary hasapda öňe çykardy. Emma goldan soň ýer eýeleri ýeňşi öz taraplaryna agdyrmagy başardylar. 78-nji minutda Brunu Fernandeş hasaby deňlän bolsa, 82-nji minutda Markus Reşford «Ýunaýtede» ýeňiş getiren topy derwezä ýollady.

Şeýlelikde, «Mançester Ýunaýted» utuklarynyň sanyny 38-e ýetirip, üçünji orna göterildi. Ikinji ýerdäki «Mançester Sitiniň» utuklary bolsa 39-lygyna galdy. Häzirki wagtda birinji ýerdäki «Arsenalda» 44 utuk bar. «Arsenal» 20-nji tapgyryň çäklerinde ertir «Tottenhem» bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň