Žurnalist Jeremi Peýj «The Economist» gazetinde çap edilen makalasynda Hindistanyň ilat sany boýunça 2023-nji ýylyň ýazynda Hytaýdan ozup biljekdigini ýazdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň çaklamalaryna görä, Hindistan ilatynyň sany boýunça eýýäm 14-nji aprelinde dünýäde ilkinji orna çykar, bu waka ýurt üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolar. Hünärmenleriň baha bermegine laýyklykda, Hindistandaky ilatyň çalt köpelmegi 2050-nji ýyllara çenli dowam eder.
Žurnalist Jeremi Peýj makalasynda «Hindistan bu ýagdaýdan özi üçin artykmaçlyk gazanmagy başararmyka?» diýen sowaly orta atýar.
Geçen ýylyň noýabrynda demograflar 2050-nji ýylda Russiýanyň ilat sany babatda öňdäki ýurtlaryň 10-lugyndan çykjakdygyny çaklapdylar. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.