Portugaliýanyň futbol ýygyndysynyň täze baş tälimçisi Roberto Martines Kriştianu Ronaldunyň özüne örän gerekdigini aýtdy.
«Ronaldu milli ýygyndy üçin juda wajyp oýunçy. Men beýle kararlary iş otagymda däl-de, iş ýerimde ― meýdanda berýärin. Ýygynda çagyrmak üçin ähli futbolçylar bilen birme-bir gepleşik geçirmek meniň iş usulyma mahsus aýratynlyklaryň biri» diýip, ol metbugata beren interwýusynda aýtdy.
Baş tälimçiniň aýdyşy ýaly, Ronaldu 19 ýyldan bäri milli ýygyndyda çykyş edip gelýär. Öňdäki duşuşyklara 10 hepdäniň galandygyny aýdyp, tälimçi ilkinji nobatda Ronaldu bilen maslahatlaşmakçydygyny tassyklady.
Roberto Martinesiň ilkinji maksady milli ýygyndynyň geljek ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatyna gatnaşmagyna hukuk gazanmagy we bu çempionatda üstünlikli çykyş etmegidir.

