Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Oleg Kononenko Serdar Berdimuhamedowy täze ýyl bilen gutlady

12:5110.01.2023
0
40784

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, instruktor, synagçy-kosmonawt, «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentini täze, 2023-nji ýyl bilen gutlady.

«Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Geçen ýyl Türkmenistanyň taryhy şanly wakalara baý boldy. Siz demokratik, açyklyk we adalatlylyk esasynda geçen saýlawlarda iň ýokary döwlet wezipesine saýlandyňyz. Şeýlelikde, oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmek, ýurduň halkara abraýyny pugtalandyrmak, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ösüşini, türkmen topragynyň abadançylygyny, rowaçlygyny berkitmek işi dowam etdirildi» diýlip, Oleg Kononenkonyň «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlagynda bellenilýär.

Kosmonawt Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «2023-nji ýylda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine, ösüşiň strategik maksatlarynyň gazanyljakdygyna» ynam bildirdi.

Şeýle hem, Oleg Kononenko Watanynyň — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga hemişe taýýardygyny belledi.

«Täze ýylda Siziň bilen duşuşmaga şatdyryn.

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, giň möçberli syýasy we döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin, şeýle-de eziz watandaşlaryma — ähli türkmenistanlylara tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin» diýip, kosmonawt gutlagynda belläp geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň