Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maýa Musaskaýa we onuň türk toparyndaky netijeleri bilen bagly maglumatlar

18:2309.01.2023
0
27896

Maýa Musaskaýanyň daşary ýurtda transfer edilen ilkinji türkmenistanly zenan futbolçy bolandygyny habar beripdik. Maýýa häzirki wagtda karýerasyny Türkiýäniň «Dudulluspor» futbol toparynda dowam edýär.

Eýsem, Maýa we onuň topary nähili netije görkezýär? «Turkmenportal» siziň üçin ýörite gözlegleri geçirdi we aşakdaky netijeleri aldy:

― Maýa Musaskaýa Türkiýäniň Zenanlar Superligasynyň şu möwsüminiň başyndan bäri topary bilen sekiz duşuşyk geçirdi;

― Tälimçiler oňa «11-lik» belgini berdiler;

― «Dudulluspor» bu liganyň «A» toparçasynda ýaryşýar. Topar Stambul şäheriniň Ümraniýe etrabyna degişlidir;

― Toparçada 9 topar bar. Bije çekişlige görä, «Dudulluspor» birinji tapgyry sypdyryp, ýaryşa ikinji tapgyrdan başlady;

― Maýýa täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygyny geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda «Beşiktaş JK Wodafon» bilen geçirdi. 3-nji tapgyryň çägindäki bu duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Maýa täze topary bilen geçiren ilkinji duşuşygynda ilkinji utugyny hem gazandy. Maýa bu duşuşykda esasy düzümde meýdana girip, hiç kim bilen çalşyrylmady;

― Maýa toparynyň geçiren resmi duşuşyklarynyň ählisine-de esasy düzümde meýdana çykyp, dolulygyna oýnap gelýär. Tälimçiler ony heniz bir gezek hem başga futbolçy bilen çalyşmadylar;

― Maýa Türkiýäniň Zenanlar Superligasyndaky ilkinji we, häzirlikçe, ýeke-täk goluny 27-nji noýabrda «Wulfz Fatih Karagümrük» toparynyň derwezesinden geçirdi. Türkmenistanly futbolçy gyz şol duşuşygyň 22-nji minudynda 11 metrlik jerime urgusyndan dürs tapawutlandy;

― Maýa ligadaky ilkinji sary kartyny hem şol duşuşygyň 72-nji minudynda gördi;

― Maýa Musaskaýa topary bilen ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk ýeňşini 8-nji tapgyrda gazandy. Topar bu tapgyrda «Altaýy» 2:0 hasabynda ýeňdi;

― Häzir «Dudulluspor» zenanlar topary 9 toparlyk ýaryşda 8 duşuşykda toplan 5 utugy bilen sekizinji orny eýeleýär. Topar indiki duşuşygyny 14-nji ýanwar güni «Fatih Watan spor» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň