Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri bilen duşuşdy

21:2906.01.2023
0
38103

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýa saparynyň çäginde ýurduň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy. Bu barada «Sinhua» habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Li Kesýan Serdar Berdimuhamedowy iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy mynasybetli Hytaýa amala aşyrýan sapary bilen mübärkeläp, Hytaýyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhynyň bardygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, iki ýurt hem dostluga we deňhukuklylyga esaslanýan özara hyzmatdaşlyga ygrarly bolmagynda galýarlar. Şunuň bilen baglylykda dürli ugurlary öz içine alýan bu hyzmatdaşlyk iki döwletiň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle-de Li Kesýan Serdar Berdimuhamedowyň şu gün irden Hytaýyň döwlet Baştutany Si Szinpin bilen geçiren gepleşikleriniň ähmiýetine ýokary baha berdi hem-de gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, özara söwda dolanyşygyny artdyrmaga goldaw berjekdigine ynam bildirdi. Li Kesýan Hytaý tarapynyň köptaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge taýýardygyny belläp, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň hyzmatdaşlygyň esasy ugrudygyny nygtady. Hususan-da, hytaý tarapynyň Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygy boýunça türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy bellenildi. Mundan başga-da, degişli şertnama laýyklykda, gyşda türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa durnukly iberilmegine ynam bildirdi. Maýa goýum babatda hyzmatdaşlyga üns çekilip, hytaý kompaniýalaryna Türkmenistana maýa goýmak üçin amatly gurşawyň bardygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň bardygyny belledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hytaý bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, halkara giňişlikde gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardyr. Şeýle-de türkmen tarapynyň hytaý kompaniýalarynyň ýurda maýa goýumyny goýmagyny doly goldaýandygy bellenildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň