Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini Türkmenistana sapar bilen çagyrdy

13:5406.01.2023
0
43701

Şu gün Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna, şeýle-de Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi. Şeýlelikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň jemi 16-syna gol çekildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Sizinpine minnetdarlyk bildirdi we ony iki tarap üçin amatly wagtda Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň