Soňky habarlar

Arhiw

Gündogdyýew Hytaýyň goranmak ministri bilen duşuşdy

19:4306.01.2023
0
31367

Şu gün Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Pekinde Hytaýyň goranmak ministri Weý Fenhe bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhe şu gün iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikler owaldan ählitaraplaýyn strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze derejä çykardy diýip belledi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şeýle häsiýetine goranmak we howpsuzlyk ulgamlarynda bilelikde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga täze itergi hökmünde garamalydygyny hem nygtadylar.

Soňky ýyllarda iki ýurduň harby wekilleriniň bilelikdäki hünär derejelerini ýokarlandyrmak işleriniň depgini barha ýokarlanýar. Hytaý Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyny goranmak we howpsuzlyk ulgamda hem kämilleşdirmäge taýyndyr diýip, Hytaýyň goranmak ministri belledi.

Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew hem iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gazanan ylalaşyklary esasynda degişli ugurda hyzmatdaşlyklary ýokarlandyrmaga ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi diýip, Hytaýaň Goranmak ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhe Türkmenistanda saparda bolup, Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilen gepleşikler geçiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň