Turkmenportal logo
06.01.23
4204442044
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan — Hytaý gazgeçirijisiniň D ulgamynyň gurluşygy çaltlandyrylar
Türkmenistan — Hytaý gazgeçirijisiniň D ulgamynyň gurluşygy çaltlandyrylar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Pekin şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Sizinpiniň arasynda gepleşikleri geçirildi.


«Sinhua» hytaý habarlar gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda gaz boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň bu ugrunda – önümçilikde, turbageçirijiler boýunça akdyrmakda, söwdada, maliýeleşdirmekde we tehniki üpjünçilikde degişli taslamanyň döredilendigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Hytaý energetika babatda hakyky strategik hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Birek-birege düşünişmek, özara bähbitli ýörelgelere eýerip, taraplar mundan beýläk-de hereket edýän şertnamalary doly ýerine ýetirerler, gaz hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleri ilerlederler, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegiň ikinji tapgyryny, Türkmenistan — Hytaý gazgeçirijisiniň D ulgamynyň gurluşygyny we beýleki bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrarlar, gaz senagatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirerler.



Şeýle-de okaň: