Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şanhaýyň porty 2022-nji ýylda dünýäde iň köp konteýner ýükledi

17:5104.01.2023
0
27229
Şanhaýyň porty 2022-nji ýylda dünýäde iň köp konteýner ýükledi
Surat: porttechnology.org

Hytaýyň Şanhaý halkara porty geçen 2022-nji ýylda koronawirus pandemiýasyna garamazdan, 13-nji gezek dünýäde iň köp konteýner ýüklenen port boldy. Bu barada portuň operatory «Shanghai International Port Group (SIPG)» kompaniýasynyň maglumatlarynda aýdylýar diýip, «Belta.by» saýty ýazýar.

Habarda portuň 2022-nji ýylda ýük dolanyşygynyň ýigrimi futluk ölçegde (TEU) 47,3 million sany konteýnerden hem agandygy bellenýär. Port Şanhaýyň halkara gämi gatnawy merkeziniň dyngysyz işini, şeýle-de ählumumy önümçilik-üpjünçilik zynjyrynyň durnuklylygyny üpjün etdi.

2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde koronawirus ýokanjy möwjände, portuň konteýner dolanyşygy eýýäm iýul aýynda okgunly dikeldi, bir aýyň içinde TEU-konteýnerleriň rekord derejesi, ýagny 4,3 million sanysy işlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň