Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan 2023-nji ýylda 90 million tonnadan köp nebit çykarmakçy

14:1831.12.2022
0
33629
Gazagystan 2023-nji ýylda 90 million tonnadan köp nebit çykarmakçy
Surat: inosmi.ru

Gazagystan 2023-nji ýylda 90 million tonnadan köp nebit gazyp almakçy. Bu tamamlanyp barýan 2022-nji ýyldakydan köpdür diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ýurduň üç sany iri nebit ýatagynda geljek ýylda nebitdir gazyň çykarylyşyny artdyrmagy maksat edinýärler. Häzir Tengizde, Kaşaganda we Garaçanakda önümçiligiň gerimini giňeltmek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.

Taslamalar tamamlanandan soňra Kaşagan ýatagynda ýylda milliard kub metre çenli gazy gaýtadan işläp bolar. Tengizde nebitiň çykarylyşyny 12 million tonna ýetirmek isleýärler.

«Döwlet Baştutanynyň sargydy esasynda 2023-nji ýylda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri nebitgaz taslamalary ösdürmegiň toplumlaýyn meýilnamasy işlenip düzüler» diýip, Respublikanyň energetika ministri Bolat Akçulakow belledi.

Gazak nebitiniň esasy ugry Kaspiý turbageçiriji konsorsiumy bolup durýar. Onuň geçirijilik mümkinçiligi artdyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň