Top.Mail.Ru

Nowak: Türkiýedäki gaz merkezi boýunça çözgüt 2023-nji ýylda kabul ediler

09:5026.12.2022
0
12520
Nowak: Türkiýedäki gaz merkezi boýunça çözgüt 2023-nji ýylda kabul ediler
Surat: ria.ru

Russiýanyň «Gazprom» Döwlet edarasy Türkiýe we bazaryň beýleki gatnaşyjylary bilen Respublikada gaz merkezini gurmak babatda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu barada RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowak ýurduň «Rossiýa-24» teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy diýip, «Trend» ýazýar.

Nowak şeýle-de Türkiýedäki gaz merkezi babatda çözgüdiň 2023-nji ýylyň dowamynda kabul ediljekdigini habar berdi. Ol şunda bahalaryň bazar usuly arkaly kesgitlenjekdigini aýtdy.

«Gürrüň nyrhyň bazar usuly arkaly döredilmegi ýerlikli boljak gaz merkezi barada barýar, ol golland ýa-da Angliýanyň söwda meýdançalaryndakydan tapawutly bolmalydyr, bize olarda köplenç nyrhyň nähili emele getirilýändigi, söwdalara işjeň gatnaşýan botlaryň nähili işleýändigi düşnüksiz bolup galýar. Şonuň netijesinde-de nyrhlar kähalatda obýektiz häsiýetde bolmaýar» diýip, Nowak nygtady.

Russiýanyň Hökümet başlygynyň orunbasarynyň sözlerine görä, gürrüň bu ýerde diňe birža söwdalary üçin meýdança döretmek barada däl-de, eýsem, degişli infrastrukturany ösdürmek, günorta ugur boýunça tebigy gazyň daşalyşyny artdyrmak barada barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň