Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

AÖB Türkmenistandaky taslama maliýe taýdan baha berdi

17:3121.12.2022
0
28298
AÖB Türkmenistandaky taslama maliýe taýdan baha berdi
Surat: trend.az

Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) Türkmenistanyň «Rysgal» we «Senagat» täjirçilik banklarynda Halkara maliýe hasabatlylygy standartynyň 9 maliýe guralynyň durmuşa geçirilmegini goldamak boýunça Bahalandyryş hasabatyna Tehniki kömek hasabatyny çap etdi diýip, «Trend» habar berdi.

Hasabatda taslamanyň umumy bahasynyň 225 müň ABŞ dollaryna barabar bolandygy aýdylýar. Şeýle hem tölenen serişdeler 190,174 dollar boldy we COVID-19 bilen baglanyşykly çäklendirmeler, şol sanda syýahat çäklendirmeleri sebäpli 34,826 dollar sarp edilmedi.

Taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, banklaryň karz ýitgileri üçin ätiýaçlygy emele getirmek tejribesini gowulandyrar we karz bahalandyrmalarynyň maliýe hasabatlarynda adalatly şöhlelenmegini üpjün eder we şeýlelik bilen iki bankyň çökgünlige çydamlylygyny ýokarlandyrar diýlip, hasabatda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň