Kolumbiýada doňzuň şekilindäki äpet pul toplanýan gap ýasaldy, ol dünýäde iň ulularyň biridir diýip, «MIR 24» habar berýär.
Demirbetondan hem-de toýundan ýasalan täsin heýkel Rakira şäheriniň göwnaçyşlyklar seýilgähinde ýerleşýär. Ol eýýäm şäheriň iň köp gelip görülýän täsinligine öwrüldi. Doňuz-kopilkanyň beýikligi sekiz metr, uzynlygy on metrden geçýär. Onuň birinji gatynda golaý günlerde sergi açylar, ikinji gatda bolsa myhmanlar üçin seredilýän meýdança döredildi.