Tamamlanyp barýan 2022-nji ýylyň jemleri boýunça dünýä söwdasynyň jemi ösüşi rekord derejä, ýagny 32 trillion dollara ýetip biler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Maslahatynyň (ÝUNKTAD) saýtynda habar berilýär diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«Ählumumy söwda rekord derejä — 2022-nji ýylda 32 trillion dollara deň bolmaly. Harytlaryň söwdasy garaşylyşy ýaly, ýylyň ahyryna çenli geçen ýylyň görkezijilerinden 10 göterim artyk bolar hem-de tas 25 trillion dollara çenli ýokarlanar» diýlip, habarda aýdylýar.
Guramanyň maglumatlaryna görä, hyzmatlaryň söwdasy 7 trillion dollara deň bolar, bu geçen ýylyň görkezijilerinden 15 göterim artykdyr. Şunda şeýle görkezijiniň 2022-nji ýylyň birinji ýarymyndaky durnukly ösüşiň hasabyna mümkin bolandygy, emma üçünji çärýekde söwdanyň peselip başlanandygy, dördünji çärýekde-de haryt we hyzmatlar boýunça dünýä söwdasynyň peselmegine garaşylýandygy bellenýär.