Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň birinji finalçysy belli boldy. Argentinanyň milli ýygyndysy ýarym finalda Horwatiýany ýeňlişe sezewar edip, birinji finalça öwrüldi.
Argentina — Horwatiýa oýnunyň deslapky ýarym sagadynda Ýewropanyň wekili garşydaşyna garanyňda birneme rüstem hereket etdi. Emma 34-nji minutda Argentinanyň dessine geçiren garşylyklaýyn hüjüminde horwatlaryň derwezeçisi Liwakowiç Alwaresi gödeklik bilen saklady. Netijede emin Horwatiýanyň derwezesine tarap penalti belledi hem-de ony dürs ýerine ýetiren Messi hasaby açdy. Goldan 5 minut soňra ýene-de Alwares Horwatiýanyň derwezesine tarap ýörişi amala aşyrdy we bu gezek özi gol urup, hasaby 2:0 görnüşe getirdi.
Oýnuň ikinji ýarymynda Horwatiýa hasaby deňlemek üçin tijendi, emma gol urmak ýene-de Argentina nesip etdi. 69-njy minutda Messiniň beren pasyndan soň ikinji goluny uran Alwares hasaby 3:0-a ýetirdi. Duşuşykda başga gol urulmady we Argentina 3:0 hasabynda Horwatiýany ýeňlişe sezewar edip, finala ýollanma aldy.
Argentinanyň finaldaky garşydaşy 14-nji dekabrda 23:59-da başlanjak Marokko — Fransiýa oýnundan soňra belli bolar. Bu duşuşykda ýeňlen topar bolsa üçünji orun üçin oýunda Horwatiýa bilen oýnar.
DÇ-2022-niň final oýny 18-nji dekabrda bolup geçer.