Türkmenistan ― ABŞ işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuard «Trend» neşirine beren interwýusynda ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň wekilleriniň ýakynda Türkmenistana sapar bilen gelip görmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.
– Koronawirus pandemiýasy bilen bagly ählumumy çäklendirmeler sebäpli Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyna täsirini ýetirdi. Indi pandemiýanyň çynlakaý mesele bolmakdan çykandygy üçin Amerikanyň kompaniýalarynyň Türkmenistana saparlary göz öňünde tutulýar – diýip, Stýuart belledi.
Amerikan kompaniýalary Türkmenistan bilen oba hojalygy, energetika, maliýe, howpsuzlyk, syýahatçylyk we önümçilik ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär.
Golaýda Aşgabatda türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi. Şol maslahatyň çäklerinde hem köp sanly hyzmatdaşlyk ugurlary kesgitlendi.
Stýuart iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýum babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, munuň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga itergi berjekdigini belledi.
Şeýle hem Stýuart ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejede saklap galmak bilen, söwdany ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardyklaryny mälim etdi.
