Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa sapar bilen çagyrylýar

22:5809.12.2022
0
21574

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Žerar Larşeniň adyndan mähirli salam ýetirip, iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

«Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý Fransiýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem ol Fransiýanyň Senatynyň Başlygynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna özi üçin islendik amatly wagtda Fransiýa Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky ýörite çakylygyny ýetirdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň Başlygyna mähirli salamyny beýan etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy şu saparyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädime öwrüljekdigini belledi hem-de Fransiýa sapar bilen barmak baradaky çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler iki ýurduň hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin parlamentara gatnaşyklaryň, şol sanda «Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň uly mümkinçiligini peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliginiň ulanylmagyna üns çekildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy we myhman döwletara gatnaşyklara iki ýurduň özara düşünişmeginiň hem-de ýakynlaşmagynyň möhüm guraly hökmünde garap, mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli kanun çykaryjylyk işinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň