Soňky habarlar

Arhiw

Parahorlaryň birnäçesi azatlykdan mahrum edildi

22:3408.12.2022
0
45196

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Mejlisiň barşynda Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, milli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Şeýle-de ähli ulgamlarda kanunylygyň berk we takyk berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berildi.

Şunda ýurduň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň galla kärhanalarynyň käbir ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, ýygnalan bugdaý hasylyny bikanun eýeläp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirendikleri barada aýdyldy.

Geçirilen deslapky derňew işlerinde anyklanylyşy ýaly, «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Balkanabat galla önümleri kärhanasynyň direktory wezipesinde köp ýyllaryň dowamynda işlän J.Hojaýewiň wezipe ygtyýarlyklaryny gulluk bähbitleriniň garşysyna hyýanatçylykly peýdalanyp, kärhananyň däne saklaýjy bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesinde işlän Ö.Baýjanow bilen döwletiň emlägini ogurlamak barada deslapdan dilleşip, özleriniň jogapkärçiligindäki bugdaý hasylyndan galla önümlerini hiç bir resminamasyz, bikanun ýagdaýda, kärhananyň degirmen bölümine geçirip, olardan un we kepek önümlerini öndürip, kärhananyň hasabyna girdeji etmän, bikanun satandyklary we döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirendikleri barada aýdyldy.

Şeýle-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Bäherden galla önümleri kärhanasynyň däne saklaýjy bölüminiň müdiri wezipesinde işlän we şol bir wagtyň özünde kärhananyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren G.Sähedowyň wezipe ygtyýarlyklaryny gulluk bähbitleriniň garşysyna hyýanatçylykly peýdalanyp, bugdaý hasylyny bikanun satyp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirendigi barada aýdyldy.

«Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Balkanabat galla önümleri kärhanasynyň direktory wezipesinde köp ýyllaryň dowamynda işlän J.Hojaýewiň, şol kärhananyň däne saklaýjy bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesinde işlän Ö.Baýjanowyň, «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Bäherden galla önümleri kärhanasynyň däne saklaýjy bölüminiň müdiri wezipesinde işlän we şol bir wagtyň özünde kärhananyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren G.Sähedowyň wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, agyr netijelere getirmekde, ynanylan emlägiň eýelenmegi, harç edilmegi ýaly etmişler zerarly jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi hem-de kazyýetiň hökümi bilen olaryň 12 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi barada aýdyldy.

Soňra Baş prokuror «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň käbir ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, para almak bilen baglanyşykly jenaýatçylykly etmişleriniň ýüze çykarylandygy barada hasabat berdi.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işlän Kerimow howa gatnawlarynyň sany çäkli bolan peteklerini müşderileriň adyna berkitmäge öz gulluk ýagdaýy bilen täsirini ýetirip bilýändiginden peýdalanyp, tanyşlary Mommadow we Meredow bilen deslapdan dilleşip, howa gatnawy boýunça her bir petegi müşderiniň adyna berkidip berendigi üçin, dürli raýatlardan uçar petekleriniň döwlet bahasynyň üstüne uly möçberde para alypdyr. Mundan başga-da, ol wezipe borçlaryna laýyklykda uçar peteklerini satyjylar tarapyndan satuwyň düzgünleriniň berjaý edilmegi boýunça işiň talabalaýyk alnyp barylmagyna borçly adam bolandygyna garamazdan, öz işine geleňsiz garap, gözegçiligi gowşadypdyr. Şeýlelikde, gullugyň birinji derejeli awiabiletleriň satyjysy Goçgargulyýewanyň raýat Artyknyýazow bilen bilelikde uçar petekleriniň döwlet bahasynyň üstüne para hökmünde pul alyp, agyr jenaýaty amala aşyrmagyna ýol berlipdir.

Şeýle-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň awiabiletleri satýan bölüminiň satyjysy Goçgargulyýewa wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, tanşy Artyknyýazow bilen erkin satuw boýunça ýetmezçilik dörän daşary ýurt gatnawlaryna ýolagçylaryň awiapetek almaga bolan isleglerinden peýdalanyp, dürli ugurlar boýunça maliýeleşdirilen howa gatnawlaryndan uçar petekleriniň döwlet bahasynyň üstüne raýatlardan para hökmünde pul alypdyrlar we ony paýlaşypdyrlar. Netijede, raýatlaryň kanuny bähbitleriniň düýpli bozulmagyna ýol berlipdir.

Netijede, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işlän Kerimowyň eden etmişleri üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen 13 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi, uçar peteklerini satýan bölüminiň birinji derejeli satyjysy Goçgargulyýewanyň wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para alandygy üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen 8 ýyl 3 aý azatlykdan mahrum edilendigi, şeýle-de jenaýatçylara şärik bolan hem-de jenaýat jogapkärçiligine çekilen raýatlar Mommadowyň we Meredowyň kazyýetiň hökümi bilen 12 ýyl, Artyknyýazowyň bolsa 11 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi barada aýdyldy.

Şeýle-de Baş prokuroryň hasabatynda aýyplanýanlaryň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan bikanun girdejileriniň, kazyýetiň hökümi bilen, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we bikanun baýlaşmagyň närsesi hökmünde, döwletiň haýryna geçirilendigi barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, döwletiň howpsuzlygyny, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny korrupsiýadan gelip çykýan howplardan goramak, jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda korrupsiýanyň gutarnykly ýok edilmegini gazanmak üçin maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini hem-de bu işlere gözegçiligiň yzygiderli berkidilýändigini belledi.

— Korrupsiýa döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini bökdeýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyna zyýan ýetirýär. Şonuň üçin hem korrupsiýa baş goşup, döwletiň we halkyň emlägini ogurlaýan şular ýaly parahor jenaýatkärlere kanun esasynda berk çäre görler. Mundan beýläk-de ýurdumyzda korrupsiýa we parahorluga garşy berk göreş alyp barjakdygymy ýene-de bir gezek ýatladýaryn — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňini dowam edip, hiç kimiň eden jenaýatynyň bilinmän galar diýip pikir etmeli däldigine ünsi çekdi, edilen jenaýatyň hökman ýüze çykarylýandygyny we edilen etmiş üçin kanunyň öňünde jogap bermeli bolýandygyny aýtdy.

— Halkyň, döwletiň emlägini ogurlamaga, haramlyk bilen gazanç etmäge hiç kimiň haky ýokdur — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutany şeýle ýaramaz ýagdaýyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň