Soňky habarlar

Arhiw

Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gazy import etmegi meýilleşdirýär

15:3908.12.2022
0
20114
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gazy import etmegi meýilleşdirýär
Surat: newscentralasia.net

Pakistan Yslam Respublikasy gyşda bütin ýurtda gaza bolan islegiň artmagy netijesinde, Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan suwuklandyrylan tebigy gazy import etmegi meýilleşdirýär diýip, «Pakistan Today» habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Pakistanyň Kwetty Federal gümrük gullugy gatnaşyjy taraplar bilen maslahatlaşandan soň, Pakistan — Owganystan serhetinde ýerleşýän Çaman şäherindäki gümrük nokadynyň üsti bilen, suwuklandyrylan gazy import etmek meýilnamasyny taýýarlady. Bu meýilnama Pakistana diňe bir ykdysady taýdan peýdaly bolman, eýsem, import edilýän suwuklandyrylan tebigy gazyň hilini gözegçilikden geçirmekde hem bähbitlidir. Şonuň üçin-de, Pakistan ýokary hilli suwuklandyrylan gazy Türkmenistandan import etmek üçin möhüm ädim ätmäge taýýarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda Pakistan tarapyndan ähli zerur taýýarlyk işleriniň geçirilendigi we Çaman gümrük nokadynyň suwuklandyrylan gazyň importyna taýýardygy bellenilýär.

Maglumatlara görä, birinji tapgyrda suwuklandyrylan tebigy gazy daşamaga niýetlenilen owgan daşaýjylary (ýük ulaglary) gazy türkmen-owgan serhedinde kabul edip, ony Pakistanyň serhedine çenli eltip bererler. Ikinji tapgyrda Çaman şäherinde suwuklandyrylan gazy ulanyşa taýýarlamak üçin enjamlar gurlar.

Pakistanyň Türkmenistandan suwuklandyrylan tebigy gazy import etmek meýilnamasy gysga, orta we uzakmöhletli üç ugra bölünip, onuň gysga möhletlisiniň durmuşa geçirilmeginiň ýakynda başlanmagyna garaşylýar. Meýilnamanyň orta möhletlisini durmuşa geçirmek üçin, 6-8 aý, uzakmöhletli ugrunyň amal edilmegi üçin bolsa 1 ýyl wagt gerek.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Pakistanda tebigy gaza bolan isleg yzygiderli ýokarlanýar. Has-da gyş paslynda içerki zerurlygyň görnetin artmagy Pakistanyň suwuklandyrylan gazyň importyny ýokarlandyrmagyna sebäp bolýar. Suwuklandyrylan tebigy gaza tutuş dünýäde islegiň artmagy bolsa, onuň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagyna getirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň