Aşgabatda «Oskar» pýesasynyň premýerasy geçirildi

16:3906.12.2022
0
32389
Aşgabatda «Oskar» pýesasynyň premýerasy geçirildi
Surat: «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda fransuz dramaturgy Klod Manýeriň pýesasy esasynda «Oskar» komediýa spektaklynyň premýerasy boldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habaryna görä, premýera şowly garşylandy.

Geçen asyryň ortalarynda ýazylan bu oýun häzirki döwürde hem öz aktuallygyny saklaýar.

Baş keşplerde aktýorlar Döwran Hojageldiýew (Barnýe) we Jennet Çowdurowa (Kolette) çykyş edýär.

Spektaklyň indiki görkezilişi, Halkara bitaraplyk güni — 12-nji dekabrda bolar.

6-njy dekabrdan 12-nji dekabr aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä teatr klassikasy hepdeliginiň geçirilýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň