Belarusyň Bilim ministrligi daşary ýurt raýatlary üçin uniwersitetlere giriş möhletini uzaltdy

12:2306.12.2022
0
42041

Türkmenistanly dalaşgärler 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Belarusyň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin ýüz tutup bilerler diýip, şu gün Belarusyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.

«Belarus Respublikasynyň Bilim ministrligi 2022-2023-nji okuw ýylyna Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny kabul etmegiň möhletini 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaltdy» diýip, Belarusyň ilçihanasy habar berdi.

Belarusda bilim almak barada jikme-jik maglumaty şu salgydan tapyp bilersiňiz.

Belarus döwlet uniwersitetiniň Belarusda «Times Higher Education» reýtingine giren ýeke-täk uniwersitetdigini ýatladýarys.

2021/2022-nji okuw ýylynda Belarusda Türkmenistandan baryp okaýan talyplaryň sany 6,6 müňden gowrak boldy.

2022-nji ýylyň 13-nji dekabryndan 2023-nji ýylyň 21-nji martyna çenli Minsk — Türkmenbaşy ugry boýunça «Belawiýanyň» uçuşlary her sişenbe güni amala aşyrylar. «Belawiýanyň» uçuşlary üçin onlaýn biletleri www.belavia.by web sahypasyndan, iOS we Android programmalary arkaly satyn alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň