Soňky habarlar

Arhiw

Hirosimada ýadro ýaragsyz dünýä üçin maslahat geçiriler

16:2705.12.2022
0
17773
Hirosimada ýadro ýaragsyz dünýä üçin maslahat geçiriler
Surat: report.az

Ýadro ýaragsyz dünýä üçin halkara toparynyň (IGEP) ilkinji maslahaty 10-11-nji dekabrda Ýaponiýanyň Hirosimo şäherinde geçiriler diýip, Ýaponiýanyň DIM-niň beýanatyna salgylanýan TASS habarlar gullugy habar berdi. Bu barada «Report.az» ýazýar.

«Premýer-ministr Fumio Kisida IGEP toparyny döredilýändigini yglan etdi, ol forum görnüşinde bolup, ýadroly hem-de ýadrosyz döwletler häzirki we öňki syýasy liderleriň gatnaşmagynda dünýäde parahatçylygy gazanmak babatda pikir alşarlar» diýlip, ýapon DIM-niň beýanatynda aýdylýar.

Maslahatyň ilkinji gününde ABŞ-nyň öňki Prezidenti Barak Obamanyň hem-de BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterrişiň wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etmeklerine garaşylýar, şeýle-de çärä gatnaşyjylaryň arasynda dünýäniň belli syýasatçylary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň