2022-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde ortaça aýlyk zähmet hakynyň şu ýüzýyllykda ilkinji gezek pese gaçandygy hasaba alyndy. Muňa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) täze nutugy güwä geçýär diýip, «Belta.by» belarus saýty ýazýar.
Guramanyň maglumatlaryna görä, dünýäde ortaça aýlyk haky hakykat ýüzünde 0,9 göterim pese gaçdy. Eger aýlyk haklary beýleki ýurtlardakydan has ýokary bolan Hytaýy hasaba almanyňda, dünýäde hakyky pese gaçyşlyk 1,4 göterime deň boldy diýlip, habarda bellenýär.
Bilermenler şeýle pese gaçyşlygy koronawirus pandemiýasynyň netijeleri hem-de ählumumy ykdysadyýetiň ösüş depgininiň haýallamagy bilen baglanyşdyrýarlar, muňa bolsa öz gezeginde dünýäde dowam edýän harby gapma-garşylyklardyr energiýa krizisi sebäp boldy.
Halkara Zähmet Guramasynyň baş direktory Žilber F.Ungbonyň sözlerine görä, emele gelen ýagdaýdan has-da girdejisi pes bolan öý hojalyklar ejir çekipdirler.
Hasabatda zähmet haklarynyň pese gaçmagynyň G20-lige girýän senagat taýdan ösen döwletlere hem galtaşandygy bellenýär. Bu ýurtlarda aýlyk haklary ýylyň birinji ýarymynda 2,2 göterim kemelipdir.