Irkutsk döwlet uniwersitetinde ilkinji gezek Türkmenistanyň raýatlary bilim alarlar

10:2603.12.2022
0
34231
Irkutsk döwlet uniwersitetinde ilkinji gezek Türkmenistanyň raýatlary bilim alarlar
Surat: irk.ru

2022-nji ýylda Irkutsk döwlet uniwersitetinde (ISU) ilkinji gezek türkmenistanly talyplaryň okuwa girmegi hasaba alyndy diýip, «Interfaks» uniwersitetiň rektory Aleksandr Şmidtiň sözlerine salgylanýar.

— Bu ýyl uniwersitetimizde ilkinji gezek türkmenistanly talyplar peýda boldy: birbada 64 adam — diýip, Aleksandr Şmidt belleýär. Mundan başga-da, ol uniwersitetde Günbatar ýurtlardan bolan talyplaryň sanynyň ep-esli azalyp, oňa derek gyrgyzystanly we özbegistanly talyplaryň sanynyň artandygyny aýdýar.

Şeýle hem ol türkmenistanlylaryň Irkutsk döwlet uniwersiteti hakynda uniwersitetleriň halkara reýtinginden öwrenendigini aýtdy.

Häzirki wagtda ISU-da jemi 14,5 müň töweregi talyp bilim alýar. Şolaryň, takmynan, 770-si daşary ýurtlular bolup, olar umumylykda 25 ýurda wekilçilik edýärler. Daşary ýurtly talyplaryň arasynda, esasan, Hytaýyň raýatlary agdyklyk edýär diýip, çeşme habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň