Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekilýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Halkara migrasiýa guramanyň (HMG) Geňeşiniň 113-nji sessiýasyna gatnaşdy diýip, gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.
29-njy noýabrda geçirilen bu geňeşiň sessiýasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy, migrasiýa we ilatyň göçmegi ýaly hadysalaryň özara arabaglanyşygy barada çykyş etdi. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň HMG bilen hyzmatdaşlygyny we daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly mejbury migrasiýanyň öňüni almak bilen bagly alnyp barylýan işleri belläp geçdi.
Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň bu global mejlise gatnaşmagy Türkmenistanyň migrasiýa bilen bagly meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň we bu ulgamda dünýä tejribesini işjeň özleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.