Top.Mail.Ru

Kadyrow 2023-nji ýyly sebitde çeçen diliniň ýyly diýip yglan etdi

15:5630.11.2022
0
23080
Kadyrow 2023-nji ýyly sebitde çeçen diliniň ýyly diýip yglan etdi
Surat: russian.rt.com

Çeçen Respublikasynyň döwlet Baştutany Ramzan Kadyrow geljek 2023-nji ýyly sebitde çeçen diliniň ýyly diýip yglan etdi, bu barada Çeçenistanyň hökümetiniň saýtynda çap edilen Kararda aýdylýar. Kararda munuň çeçen dilini, medeniýetini we çeçen halkynyň däp-dessurlaryny goramak, ösdürmek we dünýäde wagyz etmek maksady bilen edilýändigi bellenýär.

Kadyrowyň Kararynyň ýerine ýetirilmegi üçin guramaçylyk topary dörediler. Bir aýyň dowamynda toparyň agzalary çärelere taýýarlyk görmek we guramak babatda maksatnama işläp düzmeli bolarlar.

2007-nji ýyldan bäri Çeçenistanda Çeçen diliniň güni bellenip gelinýär.

Öň Ramzan Kadyrow çeçen diliniň ýitip barýan dilleriň toparyna girýändigini belläp, ony gorap saklamak üçin çeçen dilinde gurjak oýunlaryny, multfilmleri döretmegi, umuman, bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmagy sargyt etdi. Bu barada «Vesti.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň