Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda Kanun kabul edildi

19:5826.11.2022
0
26584

Türkmenistan «Ýükleriň ýol arkaly daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda» Kanun kabul etdi.

Kanun 19-njy noýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň 8-nji mejlisinde tassyklandy.

Elektron iberiş belligi (e-CMR) bilen Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Goşmaça Teswirnama 2008-nji ýylyň 20-nji fewralynda Ženewada kabul edildi.

Goşmaça Teswirnama elektron hasaba alyş we maglumatlary gaýtadan işlemek usullaryny ulanyp, işleri sanly ulgam arkaly tiz wagtda ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

Goşmaça Teswirnama goşulmak, Türkmenistanyň global ulag we logistika pudagyndaky täsirini güýçlendirýär, ýurduň söwda, ykdysady ösüşi üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Ozal Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşulandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň