Top.Mail.Ru

Zemin ählumumy howany sazlaýar

17:1023.11.2022
0
17788
Zemin ählumumy howany sazlaýar
Surat: m24.ru

Biziň planetamyzda ýaşaýyş ençeme gezek ýok bolmagyň gyrasyna barypdy, emma hiç wagt hem doly gutarmandy. Mümkin, bu geologik prosesleriň hyzmatydyr diýip, «Vesti.ru» ýazýar.

Ýagny alymlar biziň planetamyzda onuň howasyny heläkçilikli ýagdaýlardan goraýan geologiki gurallaryň bardygyny subut etdiler.

Ýer az bolmadyk howply döwürleri başdan geçirdi, ählumumy ýanardag atylmalary, buzluk eýýamlarydyr Gün şöhleleriniň birdenkä aşaklap, birdenem ýokarlanmagy ýaly hadysalar bilen ýüzbe-ýüz galsa-da, durmuş soňky 3,8 milliard ýyl bäri ösüşini dowam edip gelýär.

Alymlar şunuň bilen baglylykda, Zeminiň haýsydyr bir goraýjysynyň bardygy barada öňden çaklaýardylar, ol klimaty ýaşaýyş üçin ýaramly bolan çäkde saklamaga idin berýän bolmaly. Emma muny soňky ýyllara çenli subut etmek başartmaýardy.

Ol nähili gural, nähili işleýär, ine, muny ahyrsoňy Massaçusets uniwersitetiniň tehnologiýa institutynyň alymlaryna anyklamak başartdy, olar planetanyň «yzyna sazlaşdyryjy» diýlip atlandyrylýan mehanizme eýedigini subut etdiler.

Bu gural eýýäm ýüz müňlerçe ýyl bäri hereket edip, howany haýal hem bolsa, ýaşaýyş gaýdyp täzeden döräp bilmejek uçudyň gyrasyna barmakdan gorap gelýär.

Alymlar bu yzyna hereketiň geologik hadysa— silikatlaryň dargadylmagyna esaslanýandygyny aýdýarlar. Bu haýal, emma hemişelik iş bolup, özüne silikatly dag jynslarynda bolup geçýän himiki täsirlenmeleri jemleýär. Ýagny bu gural kömürturşy gazyny atmosferadan sorup alyp, olary ummanyň düýbündäki çökündi gatlaklarda hemişelik «ýerleýär».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň