Soňky habarlar

Arhiw

«Mançester Siti» Pep Gwardiola bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy

16:0323.11.2022
0
16438

Pep Guardiola topary bilen täze şertnama baglaşar we «Mançester Sitidäki» işini dowam etdirer.

«The Athletic»-iň habaryna görä, tälimçi we klub 2025-nji ýyla çenli dowam etjek täze şertnama barada ylalaşdylar. Şeýlelikde, taraplaryň arasynda «1+1» görnüşindäki täze şertnama gol çekiler. Bu, taraplaryň özara ylalaşyk esasynda hyzmatdaşlygy möhletinden öň bes edip biljekdigini aňladýar.

Guardiolanyň «Mançester Siti» bilen häzirki şertnamasy öňümizdäki tomusda gutarýar.

Pep «Mançester Sitä» 2016-njy ýylda geldi. Onuň ýolbaşçylygynda klub Premýer-ligada we Iňlis ligasynyň kubogynda dört gezek ýeňiş gazandy, şeýle hem topar Angliýanyň Kubogyny aldy.

2020/21-nji möwsümde «Mançester Siti» Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy we «Çelsiden» 0:1 hasabynda utuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň