Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow BAE-niň milli gahrymanlaryny hatyralady

22:3022.11.2022
0
15890

Şu gün — Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabide «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumyna baryp, bu ýurduň Watan üçin gurban bolan milli gahrymanlaryny hatyralady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde toplumyň ýolbaşçysy Şeýh Halifa bin Tahnun bin Mohammed an Nahaýýan türkmen döwletiniň Baştutanyna «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumy barada gürrüň berdi. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçip, ýadygärligiň etegine gül çemenini goýdy we Birleşen Arap Emirlikleriniň milli gahrymanlaryny hatyralady.

Ýadygärlikler toplumyna baryp görmeginiň çäklerinde, türkmen döwletiniň Baştutany bu ýerde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, arap dilinden terjime edilende, ýadygärlikler toplumynyň «Wahat Al Karama» diýen ady «Mertebe oazisi» diýmegi aňladýar. Toplum bitewi döwlet ugrunda janyny gurban eden esgerleriň hakydasyny ebedileşdiren gaýduwsyzlygyň we milletiň jebisliginiň nyşanydyr. Olaryň atlary biri-birine direlip duran panelleriň 31-sinde beýan edilipdir. Plitalarda BAE-niň Liderleriniň goşgy setirleridir aýdan sözleri ýazylypdyr. Meýdany 4 müň inedördül metr bolan ýadygärligiň meýdançasyndan Şeýh Zaýediň adyny göterýän uly metjidiň umumy görnüşi görünýär.

Toplumyň çäginde 1200 adam ýerleşýän amfiteatr hem-de uly tegelek howuz bar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän «Harby şöhrat» zalyna baryp gördi. Onuň içinde aýlaw boýunça diwaryň ýüzüne BAE-niň gahrymanlarynyň atlary ýazylan 2800 sany alýumin jetwel bar. Her jetwelde gahrymanyň ady, harby ady, goşun görnüşi, wepat bolan ýeri hem-de senesi görkezilen. Binanyň üçegi 8 sany plitadan ybarat bolup, olaryň 7-si Birleşen Arap Emirliklerini, sekizinjisi bolsa ýurduň milli gahrymanlaryny alamatlandyrýar.

Soňra ýadygärlikler toplumynyň merkezi edarasynyň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyna bu ýere gelendigi üçin hoşallyk bildirip, ýadygärlik toplumy şekillendirilen sowgady gowşurdy. Öz gezeginde, Prezident Serdar Berdimuhamedow hem oňa ajaýyp türkmen halysyny sowgat berdi.

Bilelikde ýadygärlik surata düşülenden soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň